254

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»

image

Her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň islegine, haýyşyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bizi beýik üstünliklere ruhlandyrdy.

Täze, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygyryýetine, söze-söhbede, akyla-aňa, çuňluga goýulýan bimöçber hormatyň nyşany boldy.