150

Behişdi bedewlerimize belent sarpa

image

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgiň bilelikde gurnamagynda “Behişdi bedewlerimize belent sarpa” ady bilen Medeniýet köşginde gürrüňdeşlik geçirildi.

      Çärede Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýulyp, türkmen halkynyň “At-myrat, ogul-döwlet”, “Aty baryň ganaty bar”, “At agynan
ýerde toý bolar”, “At dost-ata dost” diýen ýaly nakyllary-da bedewe bolan söýgüsiniň subutnamasydygy, bedew atlaryň waspyny edebi çeşmelerde hem görmek bolýandygy, çünki nusgawy şahyrlarymyz behişdi bedewleri wasp edip
goşgudyr, gazallary ýazyp, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriň waspyny ýetirýandigi, türkmen toýlarynyň bezegi ahalteke bedewlerini göreniňde buýsanjymyz goşalanýandygy, ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin
dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýandygy barada bellediler.Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda,duýgurlykda deňi-taýy bolmandyr, çünki bedewler biziň milli buýsanjymyzdygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda
kitap sergisi bilen tanyşdyryldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewleriniň waspy has-da belentde ýaňlanýandygyny belläp geçdiler.

      Çäräniň ahyrynda behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.