6

Magtymguly Pyragy – dünýä danasy

image

   

   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata  Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Magtymguly Pyragy – dünýä danasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde türkmen  halkynyň beýik söz sussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylymy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işleriň alynyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy hem-de akyldar  şahyryň şygyrlary döredijilik bilen iş salyşýan her bir adam üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýänligini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda  akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giň gerimde dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.