10

Mukaddes borja eýerip

image


   Ata-ene bolmak miýesser eden her bir ynsan durmuşda özüni bagtly saýyp biler. Çünki perzent maşgala daragtyny dowamata atyrýar. Her bir ene-ata perzendini ekläp-saklamak, iýdirmek, geýdirmek, ese-boýa galdyrmak, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, öýli-işikli etmek üçin ýyllarboýy yhlas edýär, köp zähmet çekýär. Perzent bütin ömrüne hyzmat etse-de, bu zatlaryň öwezini dolup bilmez. Ýöne esasy zat, perzendiň ene-atasyna goýýan hormat-sarpasydyr.

   Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da gylyk-häsiýetiň bolşy ýaly, her bir ene-ata hem dürli hilli gylyk-häsiýetli bolýar. Muňa garamazdan, olaryň ählisi öz çagalaryny eý görýär. Şonuň üçin perzent öz aslynyň - ata-enesiniň öňündäki borjuny berjaý etmelidir, ata-enäniň mertebesini hemişe belent tutmalydyr. Ata-ene, perzent gatnaşyklaryndan edilýän talaplar durmuşdan alnyp, ata-babalarymyz tarapyndan kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçip gelýär. Halkymyzyň asylly däplerinde ata-enäniň hyzmatyny etmek, olaryň alkyşyny almak uly bagt hasaplanýar. Çünki ata-enesine hyzmat edýän, hormat goýýan adam il-gününe, ýurduna-da hyzmat edýär, hormat goýýar. "Ýagşyny älem arzuwlar" diýlişi ýaly, irki döwürlerde hem ýaşlar durmuş gurmakda ata-ene hormatyndan peýdalanypdyrlar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, akylly gyz aşygynyň özüne bolan söýgüsini, onuň enesine bolan söýgüsi, hormaty bilen kesgitläpdir. Ýigit magşugynyň gyz towakgasy bilen enesiniň gursagyny ýaryp, onuň ýüregini alyp gelende, gyz oňa durmuşa çykmakdan boýun gaçyrypdyr. Çünki akylly gyz, synagdan geçiren ýigidi barada enesini ynjydan adam maňa-da wepa bermez diýen dogry netije çykarypdyr.

   Maşgaladaky iň mukaddes ynsanlary arzylamak, maksadyna ýetirmek olaryň saglygyna, uzak ýaşamagyna oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin edepli perzentler ata-enäniň saglygy, rahat ýaşamagy ugrunda hemişe aladalanmaga borçlanýarlar. Perzent näçe beýikliklere ýetse-de, ata-enä bolan hormatyny ýitirmeli däldir. Onuň durmuşda gazanan her bir üstünligi, ýeten derejesi ata-enäniň aladasy, yhlasy, arzuw-höwesi bilen baglydyr. Biz: "Ata Watan, ene toprak" diýýäris. Çünki paýhasly atalarymyz öz perzentlerine ata Watany goramagy, nuranadan mährem käbelerimiz olara bu topragy söýmegi wesýet etmekden ýadamaýarlar. Bu ýörelgeler taryhyň gatlaryndan arkama-arka geçip, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň terbiýesinde öz beýanyny tapýar.

   Asylly ýörelgelerimiziň häzirki ýaş nesilleriň terbiýesinde mynasyp orun tapmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!


Şasoltan ÇARYÝEWA,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň başlygy