Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işleriniň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň saýlap alan hünäri we ugrukdyrmak hem-de okuwlaryny dowam etmek üçin okuwa çagyrmak maksady bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebine ýygnanyşdyk. Bu döredijilik duşuşygy diýseň täsirli geçdi. D.Öwezow adyndaky türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymlary öz teklipleri bilen çykyş etdiler, maslahat berdiler. Biziň sazçylyk mekdebimiziň uçurymlary, ene- atalary özlerini gyzyklandyrýan sorag- jogap alyşdylar. Bu geçirilen döredijilik duşuşygy ösüp barýan ýaşlary has-da höweslendirdi. Soňra bu okuw jaýynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe sazlar ýerine ýetirildi.
Şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýan okamaga, işlemäge, döretmäge uly- uly mümkinçiliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!