“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin Halk döredijilik öýi we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde “Öz elim bilen” atly döredijilik duşuşygyny gurnady. Adyndan belli bolşy ýaly döredijilik duşuşygynyň dowamynda mekdebimiziň göreldeli hem-de milli çeper sungata hormat goýýan, milli el işlerini özlerine ýakyn güýmenje edinen gyzjagazlaryň okuw sapaklaryndan boş wagtlary ýerine ýetiren milli el keşdeleriniň sergisi we döredijilik pursatlary gurnaldy. Her bir eserler-de milli ruhda Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşli menzilleri aýdyň duýulýar.
Döredijilik eserlerindäki nagyşlaryň şekilleri, tebigatyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri sazlaşykly beýan edilýär. Nepisden, inçe ýerine ýetirilen eserleriň ählisinde uly zähmet we çäksiz höwes duýgulary uly üstünlik beýan edilýär. Gadymy ene-mamalarymyzyň täsin zehinlerinden dörän milli keşdeçilik sungaty, halyçylyk sungaty, el işleriniň beýleki görnüşlerine ýaşlarymyzyň öwrenmek höwesi, isleg-arzuwlary has ýokary. Olar çaga kalplaryndan syzylyp çykýan her bir nagyş şekiljiklerine, milli özboluşlulyklara has ünsli çemeleşýärler.

Ýaşlarymyzyň döredijilik el işlerinde esasan tebigatyň owadan, täsin gözellikleri milli öwüşginli reňkleriň sazlaşykly çeper keşpli barýanlary şekilleriň üsti bilen berilýär. Örme işlerinde mekdebimiziň göreldeli okuwçylaryň köp sanly dürli göwrümdäki ýan torbalar, körpe çagalar üçin ýumşak oýnawaçlar, we ýörite öýlerde bezeg görnüşde niýetlenen döredijilik eserleri döredýärler.

Ýaşamaga, zähmet çekmäge ýaş nesillere bilim terbiýe berip, hünär öwretmeklige döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.