Milli sungatymyz

,

“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK” ýylynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýi bilen bilelikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň horegrafiýa sungatynyñ folklýor toparyny gurnamak we dolandyrmak hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň gurnamagynda mirasymyz, milli däp-dessurlarymyz barada gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Türkmeniň milli egin–eşikleri biziň milletimiziň daşky görnüşi däl. Ol köp  babatda tebigat bilen hem baglydyr. Türkmen gelin-gyzlary ýaz paslynda ýiti açyk  ýaşyl, gyzyl, al, melewşe, gök reňklerinden bolan lybaslary geýýärler. Türkmen  ýigitleriniň geýýän toý geýimleri hem ýaz paslynyň reňkinde. Häzirki günde hem biziň gyz–gelinlerimiz özleriniň çeper elleri bilen keşde çekýärler, ýaka gaýýarlar. Olaryň şeýle owadan keşdeleri çekmeklerine, ýakalary  gaýmaklaryna ene-mamalarymyz görelde bolýarlar. Çünki ol keşdedir nagyşlaryň taryhda ene-mamalarymyzyň ussatlygyny görkezÿar. Öz milli däp-dessurlarymyzy açyp dünýä tanatmaga we okamak, işlemek üçin  şeýle uly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!