Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr.
Mähriban watanymyzda bu ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen ýurdumyzda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar.
Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryyň biri boldy.
Parahat ýurdumyzda türkmen sportynyň gülläp ösmegi, pajarlap galkynmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Diňe bir paýtagtymyz Aşgabat şäherinde däl ähli welaýatlarymyzda-da köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edilýär hem-de ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda bu desgalarda türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamgyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirilýär. Türkmen sport ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarada yzygiderli gatnaşyp mynasyp ýeňişler bilen Watanymyzyň halkara abraýyna mynasyp goşant goşýarlar.


Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlygyň we parahatçylygyň ýurdy” ady bilen aýdym-sazly köpçülikleýin çäre geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasy gözel paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Küşt we şaşka” mekdebiniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu dabaraly çärä Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary hem işjeň gatnaşdylar. Ýagny 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň göreldeli zehinli ýaşlarynyň döredijilik eserlerinden baýramçylyk sergisi we surat çekmek pursatlary gurnaldy. Dabaraly çäre has täsirli we ýatda galyjy boldy.

Ýaşamaga, zähmet çekmäge ýaş nesillere bilim terbiýe berip, hünär öwretmeklige döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.
