Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Bagtyýar durmuşyň röwşen ýoly” ady bilen medeni çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga asudalyga beslenýär diýip aýtdylar. Çäräniň dowamynda her bir ynsanyň durmuşunda bolup geçişi ýaly halkyň döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar wakalar, bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiz parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumy adamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan üns berilýär.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany, Berkararlygy, Bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.