Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet köşgi we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde “Eziz Diýarymda açylýar güller, şanly senelerden doly bu günler” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Gürrüňdeşlik çäresinde medeniýet köşgüniň we kitaphana işgärleri Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda rowaçlygyň ak ýoluna düşen halkymyzyň ýeňişleriň belent sepgitlerine tarap agzybirlik bilen ynamly öňe barýandygynyň özboluşly beýanyna öwrülendigini we türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy bolan döwlet baştutanymyzyň waspy ýetirilip, diýarymyzyň ösüşleri, ýaş nesillerimiziň geljegi üçin edilýän taýsyz tagallalary barada, kitabyň ynsanyň ömrüne goşýan täsirleri barada gyzykly gürrüň edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary esasynda gurnalan sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.