Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda « Halkara parahatçylyk we ynanyşmak » ýyly mynasybetli gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga asudalyga beslenýär diýip aýtdylar. Çäräniň dowamynda Häzirki ajaýyp döwrimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösuşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Esasan hem, milli medenýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýa ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar diýip bellediler.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany, Berkararlygy, Bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.