Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Garadaşaýak medeniýet öýüniň gurnamagynda söhbetdeşlik, bedenterbiýe we sport baradaky “Döwletliligiň sakasy saglyk” ady bilen çäre geçirildi. Çärede çeper höwesjeňler türkmen milli oýunlaryny, küşt, el göreş, sport maşklary we sporduň dürli görnüşlerini örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler, görülýän çäreler, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alyşy sazlaşykly utgaşdyrmak, ýurdumyzda döwrebap şypahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, ynsan üçin iň zerur zatlaryň biriniň saglykdygy dogrusynda gürrüň berdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň saglyk pudagyna degişli ajaýyp eserleriniň biziň her birimiz üçin uly gollanma bolup durýandygy barada söhbet etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan, her birimiziň saglygymyzy goramakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
