“Aşgabat – bagtyýarlygyň mekany”

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda “Aşgabat – bagtyýarlygyň mekany” ady bilen Aşgabat şäheriniň güni  mynasybetli medeni çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda  türkmen halky bagtly eýýamyň gujagynda bagtyýar ýaşaýar “Sebitiň binagärlik dürdänesi” diýlip atlandyrylýan, ýylsaýyn däl, günsaýyn özgerýän gözel Aşgabat bu günki gün parahatçylyk aýdymy ýaňlanýan, häzirki zaman täzelikleri giňden ornaşdyrylýan şäher hökmünde dünýäde tanalýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň şahyranalyk bilen taryplaýşy ýaly:

  Biz seni söýýäris, göwün şadymyz,

     Buýsanyp diýýäris: “Aşgabadymyz!”

Adyň bilen dünýä çykdy adymyz,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat! –

diýip söýgülenýän paýtagtymyz gözel binalaryň, ajaýyp seýilgähleriň, täsin çüwdürimleriň…jemlenen sungat eserine öwrüldi. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, Maslahatlar köşgi, “Ak şäherim Aşgabat”, Konstitusiýa binalary, “Älem”, “Aşgabat”, ”Arkaç”  medeni-dynç alyş merkezleridir, seýilgähleri, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy, Olimpiýa şäherçesi, “Garagum”, “Diwan”, “Arkadag” myhmanhanalary, “Abadançylyk”, “Ylym”, “Ýyldyz”, “Mahabat” binalary… bu günki gün aşyklar şäheriniň nyşanyna öwrüldi.

       Ak şäherimiz Aşgabat, onuň  ajaýyp desgalaryndan, binalaryndan birnäçesi dünýä ýüzünde belent ykrarnama bilen ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň sazlaşykly gözelliklerine goşulyşmagy bilen dünýä jahankeşdeleriniň  ünsüni özünde jemleýär.

        Çäräniň ahyrynda  bize şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw etdiler.