“Bagtyýarlygyň goşa sütüni”

,

Esasy Kanunymyz il-günümiziň bagtyýar geljeginiň, ata watanymyzyň beýik ösüşleriniň beýanydyr, ýaşyl Tugumyz baky bagtyýarlygymyzyň, erkanalygymyzyň buşlukçysydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitewi Kanuna esaslanýan Türkmenistan döwletimiziň Baýdagy belentde parlaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň milli mukaddeslikleridir. Bu mukaddeslikler asuda asmanly, parahat zeminli Diýarmyzyň esasy Kanuny we döwlet nyşanydyr, ýurt berkararlygymyzyň ykrarnamasydyr.

    Türkmen Tugunyň ýaşyl reňki ýaşaýşy, haly gölleri – türkmenleň dünýä belli halylary dokaýandygyny, zeýtun şahalary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, Aýyň şekili abadançylygy, ýyldyzlar bäş welaýatymyzy alamatlandyrýar. Şu gün 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Adalatlylygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz mydama belentde buýsançly pasyrdap, ýagty geljegimize ak ýol açýan esasy kanunymyz erkanalygymyza, baky bagtymyza dowamat bolsun, mizemez kanunçylyk binýatly Türkmenistan Watanymyzyň toýlarynyň toýa ulaşmagyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.