Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Gül çagalar – gül döwrümiň lälesi” ady bilen körpe nesilleriň arasynda gezelenç gurnaldy.
Çärede çykyş edenler her ýylyň iýun aýynyň 1-ne Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýändigini, çünki durmuşyň gülleri bolan çagalar bütin dünýä adamzadyň dowamy, geljegi hasaplanylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde türkmen halk ertekileriniň ornunyň örän uludygyny belläp, birnäçe ertekilerden gürrüň berdiler we ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag-jogap alyşdylar. Mundan başga-da körpeje nesiller “Aşgabat” seýilgähine gezelenç etdiler we täsin zatlar bilen tanyş boldular.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.