Çäreden pursatlar

,

Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýúniň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniñ hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäre geçirildi. Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň müdiri Gurbanowa Ogulşat 1993-nji ýylda esaslandyrylan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Gurama her ýylda suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny we beýleki forumlary guramak bilen, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär diýip medeni çàràniñ myhmany  Mary welaýat Halk döredijilik merkeziniň hünärmeni Bahar Akmuhammedowa  sòz geçirdi. Bahar hem Köne we Täze Nusaý galalary ýerli medeni ýörelgeleri hem-de gadymy grek-rim sungatynyň äheňlerini özünde sazlaşykly utgaşdyrýar. Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Parfiýa patyşalygynyň ýadygärliklerini öwrenmek, taryhy-medeni goraghananyň muzeýinde görkezilýän, arheologlar tarapyndan üsti açylan tapyndylar, düýpli gözlegleri talap edýän gymmatlyklar barada soňky ýyllarda amala aşyrylýan ylmy açyşlar bilen tanyşdylar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan bagşylaryň festiwaly, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri, şygryýet agşamlary türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny açyp görkezdi diýip sözini jemledi.