Çagalaň gülkisi ajaýyp senadyr

, ,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň hem-de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda “Çagalaň gülkisi ajaýyp senadyr“ ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe  müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly ýörelgelerine eýerip, döwrümize mynasyp nesil kemala getirmek babatda uly tagallalary edilýär, diýip edep-terbiýe bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy özgerdilýär, taryhyň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklarymyz baýlaşdyrylýar, diýip çäräniň dowamynda aýtdylar.

     Çärede nesilme-nesil dowam edýän asylly ýörelgeler bilen jemgyýetiň medeniýeti has-da ýokarlandyrylýar. Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar halkymyzyň agzybirligi, ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän, ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.