Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew-batly, at-myradyň mekany

,

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynşy döwründe Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” medeni-dynç alyş seýilgähiniň meýdançasynda “Türkmen owazy” teleýaýlymy hem-de “Aýjan” tans topary bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew-batly, at-myradyň mekany” aýdymyň şekilli ýazgysyny düşürdiler. Ýazgyda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor topary, “Şadyýan çagalar” orkestr toparynyň okuwçylarynyň gatnaşmagynda aýdymyň ýazgysy geçirildi. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ösüp gelýän ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.