“Ylym-gymmatly baýlyk” atly medeni çäre
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň guramagynda “Ylym-gymmatly baýlyk” atly medeni çäresiniň
BEÝANY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýüniň gurnamagynda “Ylym-gymmatly baýlyk” atly, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap medeni çäre geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir, diýip belleýär. Çäräniň dowamynda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda asylly däbimize eýerip, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tutuş ýurdumyz
baýramçylyk dabaralaryna gurşalýar.
Bagtyýar nesillerimiziň şatlyk-şowhuny, şadyýan gülki sesleri, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, parahatçylyk söýüjiligimizi hem-de dostlugymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar. Çärä gatnaşanlar, durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalara bagyşlap 1-nji iýunda Ýer ýüzünde uly baýram edilýär, Çagalary goramagyň halkara güni şatlyk-şowhun bilen bellenilýär, diýip aýtdylar. Çäräniň dowamynda bu baýramçylygyň giň gerimde, halkara derejesinde bellenilmegi çagalara goýulýan hormatdan, berilýän üns-aladadan nyşandyr. Biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip bellediler. Çäräniň ahyrynda Watanyň geljekki ykbalyny ýaş nesillere ynanýan, türkmen ýaşlaryna halkara hyzmatdaşlygynda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamaga, öwrenmäge döredip berýän ähli şertleri üçin köp sagbolsun aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent
başlary aman bolsun!