1

Bagtyýar Watanyň Bitaraplygy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin  kitaphana  şahamçasy bilen Türkmenistanyň  inžener – tehniki we  ulag  kommunikasiýalary  institutynyň bilelikde  guramagynda Halkara Bitaraplyk  güni mynasybetli “Bagtyýar Watanyň Bitaraplygyady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Halkara Bitaraplyk  türkmen taryhyna müdümilik altyn harplar bilen  ýazylyp, ýurdumyz dünýä döwletleriniň  arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez  bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden  gelip çykýan aýdyň  wezipeler dünýä ählumumy parahatçylygyň  pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň  we abadançylygyň  üpjün edilmeginde  möhüm ähmiýete  eýe bolup durýandygy barada belläp geçdiler

   Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň  inžener – tehniki we  ulag  kommunikasiýalary  institutynyň talyp ýaşlary  Watanymyzy wasp edýän  birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

   Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak bolmagyny, alyp  barýan  beýik işleriniň  rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.