73

1- nji iýun Çagalary goramagyñ Halkara güni- "Biz bagtyýar çagalar"

image


   Ynha ýurdumyzyñ  gözel künjekleriniň biri bolan Magtymguly Pyragy medeni seýilgähinde 1-nji iýun Çagalary goramagyñ Halkara güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk uly şowhun, uly şatlyk bilen geçirildi. Bu dabarada Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň zehinli çagalary çykyş etdiler. Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Biziň geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Bu dabaraly baýramçylykda çagalar özleriniň şatlygyny dürli aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirip özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Mähriban çagalar ýekelikde aýdym aýtmakda Sähetkulyýewa Güljemal, "Aşgabat şäher" günine bagyşlanyp geçirlen skripkaçylar bäsleşiginiň ýeňijisi Ataýewa Sähra we şeýle-de "Joşgyn" hor, "Ýaşlyk" akkordeonçylar toparlarymyz hem eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymdyr- sazlary uly söýgi bilen ýerine ýetirdiler. 1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara güni has-da aýratyn bir dabaraly baýram diýip çagalarymyz aýdyp geçýäler, sebäbi çagalarda iň bir ýokary aýdym-saza duýgulary möwç urup has-da täzeden-täze eserleri ýerine ýetirjekdiklerini aýtdylar. Tomus paslynyň ilkinji güniniñ şatlykly baýramy bagtyýar çagalaryň ýüzlerine has-da ýylgyryş getirýär, çünki bu baýram biziň iň mähriban, iň eýjejik çagalarymyzyñ baýramydyr. Parasatly türkmen nakylyndan "Bal süýji-baldan bala süýji" -diýlip ajaýyp jümle aýdylýar. Çagalar biziň ýagty geljegimizdir! Biz mekdebimiziň çagajyklaryna diýseň buýsanýarys.

   Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy 1-nji iýun Çagalary goramagyñ Halkara günini, şeŷle-de körpeje mähriban jigijiklerimiziň baýramyny tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Türkmeniñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun.