9

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly” atly täze kitabyndan söhbetdeşlik

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda “Magtymguly” atly täze kitapdan söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy ähli ildeşlermiziň köňül buýsanjyna, ýürek arzuwyna öwrülendigi, şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň” medeni-seýilgäh  toplumy dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýändigi  barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan “Magtymguly” atly täze kitap – şahyryň saýlanan eserleri halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanandygy barada belläp geçdiler.  Mundan başga-da Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti – ykbalyň türkmen halkyna, ýapan serpaýy, çünki ussadyň her bir setiri – durmuş mekdebiniň gymmatly ylham çeşmesi bolup durýandygy barada hem bellediler.

Söhbetdeşlik ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.