83

1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli baýramçylyk

image


      Türkmeniň aýdym-saz sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik sepgitlere ýetdi. Munuň aňyrsynda bolsa, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň ýüregi diňe halkym diýip urýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bar. Ynha, bu günler bolsa ýurdumyz gün-günden hem gözelleşýär we toýdyr-baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň we çagalarymyzyň iň gowy görýän oýun meýdançasy ertekiler dünýäsinde hem bagtyýar çagalarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny aýdymdyr-sazlara geçirip, 1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli dabaraly çykyş etdiler. Özleriniň tüýs ýüreklerinden gaýnap çykan, aýdym-saz sungatynyň belentligini görkezdiler. Çagalar diňe bir türkmen eserleri ýerine ýetirmän, eýsem, dost-doganlyk aýdymdyr-sazlarymyz uly şatlyk-şowhun bilen çykyş etdiler. Bu mährem çagajyklarymyzyň has-da ökde sazanda bolup ýetişmekleri üçin hem mekdebimiziň ussat halypalarynyň zähmet çekmekleri çagajyklarymyzy diýseň begendirýär.

   Nesip bolsa mekdebimiziň aýdym-saz döredijilik toparlary bilen özleriniň konsert meýilnamalary bilen türkmen teleýaýlymlarynda konsertlar, aýdym-saz gepleşikler bilen çykyş edip, Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan umumyadamzat ähmiýetli beýik işlerini wasp etmekde aýdym-saz sowgatlary bilen bararlar.

   1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlaýarys, şeýle hem mährem-bala çagajyklarymyzyň hem baýramlary gutly mübarek bolsun, goý, aýdym-saz sungatynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Aýdymdyr-sazlarymyz hemişe belentden-belent ýaňlansyn.

Taýýarlan Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň mugallymy Rahymowa Leýli Mälikgulyýewna.