"Biz bagtyýar nesiller" atly 1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara gününe bagyşlanan “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde dabaraly baýramçylyk
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüşli menzillerini her gezekki çagajyklarymyzyň çykyşlarynda şöhlelenýär. Al-ýaşyl öwüsýän güller şadyýan çaga gülküsi asly şahandaz türkmeniň kalp ylhamynda tükeniksiz joşgun eçilip, bagtyýar ýaşaýşa söýgi ynam oýarýar. Megerem, ýatlamalary durmuşyň esaslarynyň biri bolup bagtyýar çagalarymyzyň bagtlylygyny görmek her bir ene-atanyň arzuwydyr. Ynha bolsa bu gün ýurdumyz toýdyr-baýramlara beslenýär. 1-nji iýun Çagalaryň goramagyň Halkara baýramy her bir körpeje bala çagalaryň süýji dünýäsine aýdymlardyr-sazlar bilen bezelýär. Olar özleriniň aýdym-sazlary bilen çykyş edip, her bir körpeje jiglerini deň-duşlaryny gutladylar. Milli lybasda sagna çykan çagajyklarymyzyň birinji ýerine ýetiren aýdymlaryndan soňra körpeje jiglerimiziň el çarpyşmalary diýseň buýsandyrdy.
1-nji iýun çagalaryň Halkara güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeŷle-de körpeje mähriban balalary tüýs ýüregmizden gutlaýarys. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmeniñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw edýäris.