120

BAÝRAMÇYLYK DABARASYNDAN

image

       

       Şu gün Türkmenistan Watanymyzda uly baýramçylyk güni. Ýagny 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde dabaraly toý baýramçylygy geçirildi.



      Bu baýramçylyk dabarasyna Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň bagtyýar ýaşlaram öz döredijilik eserleri bilen hem-de ýörite baýramçylyk sergisi bilen gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanmyz bagtly çagalygyň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy.

    Daşkent seýilgähine ýygnanan toý lybasyndaky bagtyýar çagalaryň her birisiniň ýüzlerinde bagt uçgunjuklary gaýnap joşýar. Ajaýyp aýdym-sazlar has belent heňlerde ýaňlandy. Gurnalan ýörite sergä körpeje jigilermiz uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.