100
1-nji iýun çagalary goramagyñ Halkara güni mynasybetli geçirlen baýramçylyk
Ynha, hemmämiziñ bilşimiz ýaly ýurdumyzyň her bir güni toýdyr-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Bu günem uly şatlyk- şowhun bilen halypa mugallymlarymyzyň biri bolan Kakamyrat Çaryýew öz şägirtleri bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nowça çagalarymyzyň 1-nji iýun çagalary goramagyñ Halkara güni mynasybetli geçirlen baýramçylyk dabarasynda "Ylham" bagşylar topary bilen çykyş etdiler. Olar özleriniň ýürekden çykan aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Şular ýaly okamaga, öwrenmäge, aýdym-saz bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şeýle hem şägirt halypasyny ozdyrmasa, kär ýiter diýilşi ýaly mekdebimiziň "Milli saz gurallary" bölüminiň bölüm müdiri we zähmete bolan söýgi medalynyň eýesi Kakamyrat Çaryýew uzak wagtdan bäri zähmet okuwçylaryna uly söýgi bilen okadyp zähmet çekip gelýär. Halypa okuwçylaryna bagşyçylyk sungatynyň hem dürli ýollaryndan aýdylan aýdymlaryň özboluşly şiwe aýratynlyklaryny ýoýman öwredip gelýär. Şeýle hem okuwçylaryny ýetişdirip birnäçe bäsleşikleriň arasynda ýeňiji bolandyklary hem guwandyrýar we diňe bir ýekelikde sazlary çalman eýsem hem ansambl ýagny "Ylham" bagşylar toparynyň ýolbaşçysydyr. Bu ussat mugallym hem öziniñ professionallygy, berk talapesijiligi we şol bir wagtda öz işine döredijilikli çemeleşmegi bilen diýseň tapawutlanýar. Türkmen saz eserleriniň ençemesi bilen konsertlarda çykyş etýärler. Gahryman Arkadagymyzyñ hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlarynyñ sag, ömürleriniñ uzak bolmagyny arzuw edýäris.