12

Bagtyýar çagalar Watanymyzyň geljegi

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde  Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar çagalar Watanymyzyň geljegi” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we baýramçylyk çäresi geçirildi.

      Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde  ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri, çagalaryň erkana ösüp, kemala gelmekleri, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli guralan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, şeýle-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi we ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri  janlandyryldy. Geçirlen baýramçylyk çäresi çagalarda has-da uly täsir galdyrandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri aýdyldy.