14

Söz mülküniň göwher-gaşy, Magtymguly Pyragy

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda “Söz mülküniň göwher-gaşy, Magtymguly Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ynha, köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh  toplumynyň açylmagy, üstünden üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine goýulýan belent hormatyň hem-de söýgüniň beýanydygy barada söhbet etdiler.  Şeýle-de şahyryň köňül kelamy bolan ajaýyp şygyrlary dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip, älem jahana ýaň salýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň  ahyrynda  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly  Gahryman Serdaramyza alkyş sözleri aýdyldy.