8

Magtymguly – ynsanperwerligiň beýik waspçysy

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Magtymguly – ynsanperwerligiň beýik waspçysy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde  Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, milli buýsanjydygy,  şahyryň  edebi mirasy  türkmeniň ykbalyna uly täsir eden şahsyýet hökmünde dünýä ýüzünde halkymyzyň abraýyny has-da arşa göterýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň watançylyk, terbiýeçilk ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly şygyrlary, ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.