Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň halypa aýdymçysy Jumamuhammet Akgaýew
halypa aýdymçysy Jumamuhammet Akgaýew
Magtymgulynyň 300-ýyllygy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Magtymguly etrabynyň Garry gala obasynyň gözel tebigatyň, daglaryň, ýaşyl dona bürenen tebigatynda “Köňle melhem owazlar” atly Miras teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmeniň nusgawy şahyry gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen
birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdi. Halypa Jumamuhammet Akgaýew Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden aýdymlary barada gürrüňler berdi, mundan başgada, söhbetdeşliginiň dowamynda özüniň täze döreden sazlary gürrüň berdi we tar saz guralynda ýerine ýetirip berdi.
Sözüniň dowamynda türkmen toýlaryny belent derejede geçirmek sungat işgärleriň paýyna düşýär.
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin köp-köp sagbolsuny aýtdy. Gahryman Arkadagymyzy[, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Türkmen halky mydama toý-tomaşa bilen ýaşasynlar bizem şol toýlaryň şadyýan bagşysy bolaly.