22

"Magtymguly atam guwan iliñe, külli türkmen toý toýlaýar şanyña"

image


      Aşgabat şäheriniñ medeniýet müdirliginiñ Bagtyýarlyk medeniýet öýüniñ gurnamagynda, Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygy mynasybetli "Magtymguly atam guwan iliñe, külli türkmen toý toýlaýar şanyña" ady bilen gürrüñdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Bagtyýarlyk medeniýet öýüniñ müdiri Ogulşat Gurbanowa hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyñ Ýeñiş kitaphana şahamçasynyñ 1-nji derejeli kitaphanaçysy Saparbaýewa Ýañyl, kitaphanaçy Annaýewa Sonagül çykyş etdiler. Olar Magtymguly Pyragynyñ goşgy setirlerinde Watansöýüjilik, edep-terbiýelilik, mertlik, ar-namys, maşgala mukaddesligi, halky agzybirlige çagyrýan baý, many-mazmunly goşgulary esasynda gürrüñ berdiler. Çärede medeniýet öýüniñ hünärmeni Mämekow Medet, Magtymguly Pyragynyñ sözlerine "Galmazlar", "Aýrylsa", "Sil gider" atly aýdymlary ýerine ýetirdi.

Çäräniñ soñunda  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny hem-de öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar we olaryñ janlarynyñ sag, belent başlarynyñ aman bolmagyny, alyp barýan il-ÿurt bähbitli işleriniñ hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.