“Magtymguly Pyragynyň şanyna”
Paýtagtymyzyň günorta künjeginde Köpetdagyň eteginde türkmen halkyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeliniň oturdylmagy mähriban Watanymyzda beýik söz ussadyna goýulýan sarpanyň belentdiginiň bu günki gün şaýady bolýarys. “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy dag etekleriniň ýakymly howa gurşawyna eýediginiň barada, bu ýeriň ajaýyplyklary dogrysynda okuwçylara gürrüň berildi we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň “Aýjan” tans toparlary bilen bilelikde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda “Magtymguly Pyragynyň şanyna” atly aýdymyň şekilli ýazgysy we tanslary bu seýilgähe gelen okuwçylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.
Dag eteginde ertekilere çalymdaş özboluşly döredijilik dünýäsiniň emele gelmeginde döredilen ähli mümkinçilikleri üçin ruhy hazynamyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak , il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edildi.