27

Çagalar biziň ýagty geljegimizdir

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Çagalar biziň ýagty geljegimizdir” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş  nesilleriň  saglygy we  goraglylygy,   ugrunda  alnyp  barylýan beýik  işler şeýle-de tomusky  dynç  alyş  günlerinde Gökdere  jülgesinde rahat, asuda  dynç  alyp wagtlaryny  gyzykly, şadyýan  geçirýän, ýaş   nesilleriň  berk  bedenli, sagdyn ruhly bolmagy hem-de  döwrebap  bilim  almaklary  üçin  giň  mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin beýan etdiler.             

      Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekilerinde çagalar üçin birnäçe terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň okap berilmegi çagalarda has-da uly täsir galdyrdy. Şeýle-de bu ertekileriň halallyk, päklik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat ahlagynyň gözelligi ýaşlara ruhy terbiýe bermekde uly mekdep bolup hyzmat edýändigi  barada giňişleýin gürrüň berdiler.

       Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.