78

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri

image


      Aşgabat şäher medenýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow  adyndaky  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. 
      Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýan günlerinde halkymyzyň döredijilik ruhynyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyzda özboluşly öwşgün çaýýan baýramlaryň biride  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdigi hakynda söhbet etdiler. 
      Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi has-da belent derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.