43
"Pähim -paýhas ummany Magtymguly Pyragy" Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygyna
"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygyna.
Gündogaryñ beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniñ çuññur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orun eýledi. Akyldar şahyryñ döredijiligi türkmen halkynyñ bahasyna ýetip bilmejek gymmatlyklarynyñ hataryna goşuldy. Şahyryñ ençeme goşgulary halkymyzyñ arasynda aýdyma öwrüldi. Beýik Pyragynyñ arzuwlan döwletini bu gun Gahryman Arkadagymyzyñ we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ tagallasy bilen bütin dünýä tanaýar. Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 6-njy çagalar sungat mekdebinde aýdym- sazly dabara geçirildi. Dabaranyñ dowamynda mekdebimiziñ "Serpaý" dutarçylar topary, "Parahat" skripkaçylar topary, " Şatlyk" hor toparlary Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna döredilen aýdymlary, akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen ajaýyp saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Mekdebimiziñ "Nakgaş" bölüminiñ okuwçylary bolsa Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden ajaýyp surat sergilerini gurnadylar.
Ýaşlar jemgyýetiñ iñ işjeñ bölegi hökmünde ýurduñ ähli babatda ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Eziz Watanymyzyñ asuda goýnunda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalar mähir-söýgi, üns alada bilen gurşalýandygy, dünýägaraýyşly, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys!
Taýýarlan: Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ 6-njy çagalar sungat mekdebiniñ okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Halikowa Ogulbike.