99
“Türkmeniñ Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrunda "Ýañlan, diýarym" telebäsleşigi geçirilýär.
"Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy" diýip yglan edilen ýylynda, türkmen halkynyñ milli medeniýetiniñ we sungatynyñ ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiñ ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykarmak maksady bilen,
“Türkmeniñ Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrunda "Ýañlan, diýarym" telebäsleşigi geçirilýär. Şu nukdaýnazardan hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ Bagtyýarlyk medeniýet öýi hem guramaçylykly gatnaşýar we medeniýet öýüniñ hünärmeni Mämekow Medediñ ýolbaşçylygynda medeniýet öýüniñ "Ýaşlygymyzyñ owazy" atly gurnaga gatnaýan höwesjeñ aýdymçy ýaşlaryñ bäsleşige gatnaşmaklary üçin aýdym- sazyñ inçe ýollary, syrlary we sesiñ dogry, doly ulanmak üçin, aýdylýan aýdymlary dogry ýerine ýetirmek maksady bilen yzygider zähmet çekýär. Biz ýaşlara işlemäge, okamaga, döretmäge, ösmäge şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýàn Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsyn aýtýarys, goý olaryñ janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun.