“Ylym - gymmatly baýlyk”
Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parastly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Milli jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda üstünlikli dowam etdirilýän bilim özgertmelerini has – da işjeňleşdirmek, pedagogik işgärleri hünär taýdan taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, bilimiň usulyýet binýadyny nazaryýet we amalyýet taýyndan işlemek, okuw – tejribede berkitmek möhümdir. Okuw–terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumy bilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesile berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy. Watanyň bähbidini şahsy bähbidinden öňde goýmana taýýar, bilimli - terbiýeli, özbaşdak döredijilikli pikirlenmegi başarýan, zähmet çekmäne,bilim almana höwesli, halkara derejede bäsdeşlige ukyply, ahlak taýdan arassa kämil şahsyýetleri kemala getirmek möhümdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Gypjak medeniýet Ç.Annamämmedow
öýüniň müdiri