43

Ylym-gymmatly baýlyk

image


         Aşgabat  şäher    medeniýet  müdirliginiň  Merkezleşdirilen kitaphanalar  ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym-gymmatly baýlyk” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

      Gürrüňdeşlikde çykyş edenler  Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe  Eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi, ylym kämilligiň binýady bolup, ýurdumyzda ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýandygy, bu bolsa ylym ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyny barada giňişleýin gürrüň berdiler

      Gürrüňdeşligiň ahyrynda ylymy-bilimi ösdürmäge aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.