19

Mukaddes gurban bayramy

image
      Başyny gadymyýetden alyp gelýan Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biri bolup gelýär, ynha bolsa bu baýram mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň çagajyklary hem özleriniň şirin-mukamly, aýdymdyr-sazlary bilen ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Türkmenistanyñ baş baýdagynyň ýanynda çykyş etdiler. Çagajyklarymyz hem uly höwes, şatlyk bilen  bilen çykys etdiler. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylyk giňden we şatlykly bellenilýär. ,,Arkadagly Watanda toýlar-toýa ulaşýar, Gurban baýramynyň dabarasy dag aşýar. ,,Bu baýramçylykda çagalarymyz hem diňe bir aýdymdyr-sazlaryny ýerine ýetirmän eýsem hem özleriniň ýürek buýsançlaryny, uly ýürek bilen beýan etdiler. Sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mukaddes Gurban baýramy bilen gutlaýarys, goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, işleri rowaçlyklara beslensin. Gurban baýramyňyz gutly mübarek bolsun.