28

Akyldar şahyryň belent sarpasy

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetliAkyldar şahyryň belent sarpasy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň akyldarynyň edebi mirasynyň her jümlesi dünýä malyndan zyýat görünýän, umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlarynyň ýaş nesillermize ýol-ýörelge görkezji mekdep bolup durýandygy barada giňişleýin gürrrüň berdiler. Şeýle-de dana şahyrmyzyň şygyrlary diňe bir ata-Watanymyzda däl, eýsem dost-doganlyk döwletleriniň-de dürli dillerinde neşir edilýändigi  barada beýan etdiler. Gürrüňdeşlik “Aşgabat” teleýaýlymyň “Berk binýatly bilim” gepleşiginde ýazgy edildi.    

Gürrüňdeşligiň  ahyrynda türkmen halkynyň akyldar şahyryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.