57

“Sport – sagdyn ýaşaýşa gönezlik”

image

 

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Ata  Salyh  adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda  Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda “Sport – sagdyn ýaşaýşa gönezlik” ady bilen  sport bäsleşigi geçirildi.

Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini rahat dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dünýä ülüňlerine laýyk gelýän Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu ýerde bagtdan paýly çagalar ýaş aýratynlygyna görä birnäçe toparlara bölünip, toparlaryň arasynda özara bäsleşikleriň, çäreleriň yzygiderli guralmagy çagalaryň dynç alşynyň her bir pursadynyň manyly geçmegine şert döredýär. Gyzykly döredijilik agşamlary we bäsleşikler, sport ýaryşlary, aýdym-sazly medeni çäreler hem-de beýleki şüweleňler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Şeýle ýatdan çykmajak şüweleňlere ýaş nesliň gyzyklanmasy diýseň ýokarydyr. Biziň bu günki geçiren sport bäsleşigimiz hem zehinli, gujurly çagalary ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bäsleşikde tapawutlanan çagalarakitaphanamyz tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.  

      Çäräniň soňunda şeýle ajaýyp amatlyklary bolan dynç alyş  merkezleriniň döredilmegi,  çagalaryň birek-birek bilen dostlaşyp, olaryň gözýetiminiň giňelmegi,  täze okuw ýylyna täze güýç bilen barmaga itergi  berýän  hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalaryna bagtyýar nesliň çaga ýüreginden çykýan  alkyşlary bimöçberdir. Pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.