Gurban baýramy - belent ynsanperwerligiň we agzybirligiň baýramy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbanepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Gurban baýramy - belent ynsanperwerligiň we agzybirligiň baýramy” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýurdumyz Garaşyzlygyny gazananyndan soň halkymyzyň däp-dessurlary, adatlary, milli baýramçylyklarymyz täzeden dikeldilip, olary döwlet derejesinde bellemäge mümkinçilik döredilendigini, şol baýramlaryň biriniňde tämizligiň, agzybirligiň, jebisligiň baýramy bolan Gurban baýramydygyny bellediler. Şeýle-de Gurban baýramynyň adamlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürüp, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyryp adamlary biri-birine ysnaşdyrmakda tutýan ornunyň örän uludygyny, gurbanlykda hiňillik uçmak, dürli naz-nygmatlar taýýarlap, saçagyňy giňden ýazmak, täze egin-eşikler geýmek, birek-birege ýagşy sözleri aýtmak ýaly haýyr-sogaply ajaýyp dessurlar halkymyzyň durmuşyna berk ornandygyny, asyrlaryň dowamynda türkmen halky tarapyndan bellenip gelnen bu baýram dürli däp-dessurlar bilen baýlaşdyrylandygyny nygtadylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň zenan bagşylarynyň ýerine ýeriren aýdym-sazlary çäräniň şowhunyny has-da ardyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli däp‑dessurlarymyzy, milli baýramçylyklarymyzy täzeden dikeldip, döwlet derejesinde giňden bellemäge döreden mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.