“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” mynasybetli geçirilen hasabat konserti
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” mynasybetli geçirilen hasabat konserti.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe ösüşlere bedew bady bilen öňe barýan türkmen diýarymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde medeniýet ulgamynyň ähli ugurlary bilen bilelikde çagalar sungat mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça zerur bolan işleri amala aşyrýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” mynasybetli geçirilen konsertimiz paýtagtymyzda ýerleşýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sahnasynda geçirildi.
Mekdebimiziň okuwçylarynyň çykyşlary eziz watanymyzyň häzirki ýeten sepgitlerini wasp etdiler. Her bir çykyş halk döredijilik eserlerini, häzirki zaman mukamlaryny aýratyn joşgunly ýaňlanyp dabara aýratyn öwüşgin berdi. Mekdebimiziň okuwçylaryndan düzülen orkestriň ýerine ýetiren mukamlary, “Altyn serpaý” skripkaçylar toparynyň çykyşlary, “Älemgoşar” kiçi hor toparynyň çykyşlary, “Galkynyş” deprekçiler toparynyň çykyşlary we ýekelikde çykyş edilen eserleriň ählisi konserte gelen tomaşaçylara ýarady.
Halkymyza şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.