“Magtymguly Pyragynyň älem içre sarpasy” atly söhbetdeşlik
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Herrikgala medeniýet öýi tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň älem içre sarpasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Medeniýet öýüniň hünärmenleri Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly okap berdiler we şygyrlaryň many-mazmuny barada çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Medeniýet öýüniň hünärmenleri çagalara Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabyndan täsirli gürrüňler berdiler. Mundan başga-da türkmen ertekileriniň gahrymanlary barada, ertekileriň many-mazmuny barada gürrüň berdiler hem-de medeniýetimiz, sungatymyzyň gadymylygy, taryhy, milliligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.