53
Göwün päkliginiň Gurban baýramy.
Külli musulman döwletleri bilen birlikde Ata-Watanymyzda ýokary derejede toýlanýan Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli toý çäreleri ýokary ruhubelentlige beslenýär. Şu gün Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň gurnamagynda ajaýyp Gökderäniň goýnunda ýerleşýän "Dag goçy" medeni dynç alyş merkezinde "Miras" teleýaýlymyna aýdym-sazly baýramçylyk teleýazgysy bu toýuň şanyna geçirildi. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdymak üçin uly aladalar edýär. Toý baýramlaryň goşa-goşadan gelýän bagtyýarlyk döwründe garşylaýan Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsyn! Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde bellemäge ähli mümkinçilikleri döredýän, ruhy- medeni däplerimize aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarys! Bu ýerde biziň hem 6-njy çagalar sungat mekdebimiziň "Serpaý" dutarçylar toparymyzyň zehinli çagalary özleriniň ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän aýdymdyr-sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Taýýarlan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary: Ogulbike Halikowa