121

“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda geçiren aýdym-sazly çäre

image


     Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň giňden bellenilýän ýylynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde Köpetdagyň eteginde türkmen halkyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeliniň oturdylmagy, dag eteginde ertekilere çalymdaş özboluşly döredijilik dünýäsiniň emele gelmegi hem-de şol heýkeliň şanyna “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy diýip atlandyrylmagy, ýurdumyzda jemşidiň jamyna deňelýän dana şahyra goýulýan sarpanyň belentde tutulýandygynyň şaýady bolýarys. Ýurdumyzda bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlap 7-nji çagalar sungat mekdebiniň  okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Mekdebiň  “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazalary , nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini özünde jemleýän birnäçe suratlary bilen çykyş etdiler. Türkmenistan Watanymyzyň  toýlarynyň toýa ulaşmagyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak  bolmaklaryny  arzuw etdiler.