6

Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy, Milli medeniýetiň ösen zamany

image



      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet gullugynyň  Gökderedäki  “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň bilelikde  guramagynda tomusky dynç alyş möwsüminde  şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy, Milli medeniýetiň ösen zamany” ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

  Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriň waspyny ýetiren görnükli söz ussadyny hormatlamak çäresi bilen utgaşdyrylmagynda çuňňur many bardygy hakynda giňişleýin gürrüň edilip, medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maddy  we ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup durýandygy, toý-baýramlarymyzyň,  däp-dessurlarymyzyň täze öwüşgine eýe bolup, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmekleri üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin beýan etdiler.  Çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde  Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan goşgular okaldy we aýdymlar aýdyldy.

    Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy  giňden öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.