48

Türkmen medeniýeti dünýä ýol açýar

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli koserwatoriýasynyň bilelikde   guramagynda Türkmen medeniýeti dünýä ýol açýar” ady bilen  wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her ýylda   uly  dabara bilen bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi, akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň uly ösüşlere beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de  medeniýet günleriniň diňe bir Türkmenistanda däl-de eýsem daşary döwletlerde hem  geçirilmegi ilkinji nobatda medeniýet, sungat ussatlarynyň birek-biregiň medeniýeti, sungaty bilen ýakyndan tanyşmaklaryna oňyn şertler döredilmegi,  her bir halkyň medeniýeti, sungaty, şol halkyň ruhy derejesini açyp görkezýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, gadymy hem müdimi mirasymyzy çuňňur öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.