98

“Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi”

image


      Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Herrikgala we Garadaşaýak medeniýet öýleri Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi” aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresi geçirildi.


  Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň Liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine ýetendigini hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň dünýä tanadylýandygyny bellediler. Şahyryň Berkarar döwlet gurmak barada arzuw eden röwşen umytlarynyň durmuşa geçen zamanasynda, Ata-Watany Türkmenistanda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan tutuljakdygyny buýsanç bilen bildirdiler.
   Çäräniň dowamynda köp sanly döredijilik çykyşlary, yşky-liriki aýdymlar, milli şahyrana we nusgawy saz eserleri belentden ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde edýän aladalary üçin köp sag bolsun aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň
uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.