“Dünýä ýaň salýar medeniýetim sungatym”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň, Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň gurnamagynda 5-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň sergisi hem guraldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolumy mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda.
Türkmenistan döwletimizde toý-baýramlar yzygiderli geçirilýän medeniýet günleri, döredijilik festiwallary, medeniýet günleri, aýdym- saz sungatynyň barha ýaýbaňlanmagyna uly mümkinçilikleri döredilip berilýär. Döwletli döwrimizi beýik işler bilen özgerdip, göwünleri galkyndyrýan, türkmen aýdym-saz sungatynyň has-da ösmegi ugrunda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri belent bolsun!
Goý, toý-baýramlarymyzyň gelşigi, dünýämiziň ruhy baýlygy bolan aýdymdyr sazlarymyz hemişe belentden ýaňlanyp dursun!
Büzmeýin Halk döredijilik
öýüniň müdiri G.Gurbanow